Türkmenistan — parahatçylygyň hem-de ynanyşmagyň Watany

7 Awgust 2024
161

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň halkara abraýy barha artýar. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzyň öňe sürýän başlangyçlary Ýer ýüzünde giň goldawa eýe bolýar. Bu babatda Birleşen Milletler Guramasy bilen ýola goýulýan hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny aýratyn bellemek bolar.

Hormatly Prezidentimiziň şu ýylyň 6-njy iýulynda ýurdumyza resmi sapar bilen gelen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterriş bilen geçiren ikitaraplaýyn we giňişleýin düzümdäki gepleşiklerinde ýurdumyzyň halkara giňişlikde öňe sürýän başlangyçlary barada durlup geçildi. Döwlet Baştutanymyz: «Biziň strategik dialogymyzyň ileri tutulýan ugurlary barada aýdanymyzda, ählumumy howpsuzlyga; sebit ýagdaýlaryna; durnukly ösüşe; ynsanperwer meselelere üns bermeli diýip hasap edýärin. Häzirki şertlerde dartgynly ýagdaýlaryň öňüni almaga we dialog üçin mümkinçilikleri üpjün etmäge gönükdirilen anyk çäreleriň görülmegi zerurdyr. Bu ugurda gatnaşyklaryň yzygiderli usullaryny ýola goýmak möhümdir» diýip bellemek bilen, Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasatda ugur alýan esasy ýörelgelerini beýan etdi.

«Daşoguz habarlary».
Beýleki habarlar