Awaza — dostluk mekany

6 Awgust 2024
119

Eziz Watanymyzda döwlet tarapyndan alnyp barylýan işleriň düýp özeninde halkyň bähbidi, adamlaryň bagtyýar durmuşda, abadançylykda ýaşamaklary, ösüp-örňäp, ylym-bilim öwrenip, kämilleşip, döredip, gurup bilmekleri üçin ähli şertler döredilýär. Diýarymyzyň owadan tebigaty, täsin künjekleri, baý medeni-taryhy ýadygärlikleri, myhmansöýer halkymyzyň özboluşly milli ýörelgesi, däp-dessurlary, medeniýeti, sungaty bu ulgamda ýurdumyzyň halkara abraýyny has-da artdyrmaga, dünýäniň syýahatçylyk-dynç alyş bazarynda öňdäki orunlary eýelemegine mümkinçilik berýär. Asuda oba-şäherlerimiziň, owadan tebigatyň arassa gurşawynda ýekelikde ýa-da maşgala bolup dynç almak üçin döredilýän şertleriň barha artmagy abadan durmuşyň, adam hakyndaky aladanyň baş görkezijileriniň biridir.

Watanymyzyň geljegi bolan çagalar baradaky alada döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridir. Ýaş nesiller tomusky dynç alyş döwründe deňiz kenarynda, Gökderede, şeýle hem welaýatlarda döredilen döwrebap çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezlerinde dynç alýarlar. Sagaldyş we dynç alyş merkezlerinde ýaş nesliň wekilleriniň oňat dynç almaklary, boş wagtlaryny peýdaly geçirmekleri üçin ähli zerur şertler döredilýär. «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyny döretmek baradaky iri möçberli taslama sebitiň şypahana-syýahatçylyk kuwwatyndan netijeli peýdalanmaga, ony iri halkara syýahatçylyk merkezine öwürmäge gönükdirilendir. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen döredilen «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda saglygyňy dikeltmek we berkitmek, göwnejaý hem-de işjeň dynç almak, şol sanda maşgala bolup dynç almak üçin zerur bolan ähli mümkinçilik döredilen. Gojaman Hazaryň arassa çägeli kenarynda, bejeriş ähmiýetli howasy, deňziň ýyly suwy bolan künjekde häzirki zaman myhmanhanalaryň, dürli dynç alyş merkezleriň tutuş toplumy kemala geldi. Durmuşa geçirilen iri möçberli işleriň netijesinde bary-ýogy birnäçe ýylyň içinde türkmen topragynyň bu bereketli künjegi tanalmaz derejede özgerdi. Awazada ýylyň bütin dowamynda dürli derejeli ýaryşlary, türgenleriň okuw we türgenleşik ýygnanyşyklaryny, beýleki çäreleri geçirmäge mümkinçilik berýän ajaýyp saglygy dikeldiş we sport binýady bar.

Maýagül BABAÝEWA,
Bäherden etrabyndaky 6-njy çagalar bakja-bagynyň müdiri.
Beýleki habarlar