Bagabat jülgesindäki jenneti mekan

6 Awgust 2024
109

Garaşsyz Watanymyzda ynsan saglygy baradaky alada hormatly Prezidentimiziň alyp barýan döwlet syýasatynda esasy orny eýeleýär. Türkmenistanyň Prezidentiniň «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň çäklerinde güneşli Diýarymyzyň çar künjeginde raýatlarymyzyň saglygyny dikeltmegi, dynç we bejergi almagy üçin ähli amatlyklary hem-de döwrebap şertleri bolan şypahanalar hereket edýär.

Tomsuň jöwzaly günlerinde arassa howaly, melhem suwly şypahanalar has-da köp adamly bolýar. Bu hakykata gojaman Köpetdagyň goýnunda ýerleşýän «Bagabat» şypahanasynyň mysalynda hem göz ýetirmek mümkin. Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen belent daglaryň arasynda, ekologik taýdan arassa howaly Bagabat jülgesinde gurlan bu şypahana birbada 200 adamy kabul etmäge niýetlenen. Saýaly, pürli we miweli baglara, al-elwan güllere beslenen şypahana bejeriş we dolandyryş binalaryny, naharhanany, sport toplumyny öz içine alýar. Şypahananyň lukmançylyk we barlaghana otaglaryna iň häzirki zaman enjamlary ornaşdyrylan. Düzüminde anyklaýyş, bejeriş we suw bilen bejeriş bölümleri hereket edip, olarda USB, EKG, beýleki hünärmenleriň otaglary, palçyk bilen bejeriş, fizioterapiýa otaglary, howuzlar we SPA salony hereket edýär. Döwrebap şypahanada dem alyş ýollarynyň, nerw, endokrin, iýmit siňdiriş, deri keselleriniň dikeldiş bejergileri netijeli alnyp barylýar. Esasy bellemeli zat bolsa, bu ýerde fitobejergisinde Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitaplaryna esaslanylýar we hödürlenilýän dermanlyk melhem çaýlary bejergileriň ýokary netijeliligini gazanmaga ýardam berýär. Bagabat jülgesindäki jenneti mekan ýylyň ähli pasyllarynda-da halkyň hyzmatynda.

Nurgözel ÇARYÝEWA,
«Ahal durmuşy».
Beýleki habarlar