Ýaş nesil hakyndaky alada

5 Awgust 2024
332

Ýakynda edermen gallaçylarymyzyň zähmet ýeňşi mynasybetli Gökdere jülgesindäki «Çynar» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde Döwletliler köşgünde terbiýelenýän hem-de Arkadag şäherindäki Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezinde bejergi alýan çagalara türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň adyndan ýörite sowgatlar gowşuryldy.

Häzirki günlerde Döwletliler köşgünde terbiýelenýän çagalar tomusky dynç alyş möwsüminde wagtlaryny şadyýan geçirýärler. Çagalar hakyndaky alada döwlet syýasatymyzyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup, ol bagtyýar çagalaryň ruhy taýdan sagdyn ösmegine, bilim almagyna, saglyklaryny berkitmegine, sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmagyna gönükdirilendir. Döwletimiz çagalaryň ýaşaýyş-durmuşy üçin döredilýän mümkinçilikleri hemişe üns merkezinde saklap, Döwletliler köşgünde terbiýelenýän çagalaryň özüni jemgyýetiň doly derejeli agzasy hökmünde duýmagy üçin ähli zerur şertleri döredýär.

«Güneş».
Beýleki habarlar