Tomus içimlikleri

2 Awgust 2024
144

Yssy gün­ler­de adam be­de­ni­niň su­wuk­ly­ga bo­lan is­le­gi has-da art­ýar. Kö­pi­miz suw­suz­ly­gy­my­zy gan­dyr­mak üçin gaz­lan­dy­ry­lan ýa-da reňk­li içim­lik­le­ri içýäris. Em­ma mu­nuň zy­ýan­ly ta­rap­la­ry­ny hem göz öňün­de tut­ma­ly. Se­bä­bi gaz­lan­dy­ry­lan içim­lik­le­riň köp içil­me­gi ag­ra­myň art­ma­gy­na ýa-da aş­ga­zan bi­len bag­ly me­se­le­le­riň dö­re­me­gi­ne ge­ti­rýär. Şo­nuň üçin te­bi­gy içim­lik­le­ri saý­lamaly. Bu içim­lik­le­ri siz öý aş­ha­na­syn­da gys­ga wagt­da taý­ýar­lap bi­ler­si­ňiz.

Şetdaly çaýy. Orta ulu­lyk­da­ky 2 sa­ny şet­da­ly­ny ýa­rym kä­se kiş­miş bi­len bi­le­lik­de 2 bul­gur suw goşup gaý­nat­ma­ly. Taý­ýar bo­lan go­ýy su­wuk­ly­gy süz­güç­de sü­züp, üs­tü­ne 1 bul­gur gök çaý we 4 bul­gur suw goş­ma­ly. Az sa­lym so­wa­dy­jy­da sak­la­nan­dan soň şet­da­ly ça­ýy­ny içip bi­ler­si­ňiz. Bu içim­lik wi­ta­min­le­re we mi­ne­ral­la­ra baý bo­lup, de­ri, göz we ga­naz­lyk üçin peý­da­ly. Şeý­le hem ýü­rek-da­mar ul­ga­my­ny ber­ki­dip, aş­ga­zan-içe­ge ýet­mez­çi­lik­le­ri­niň öňü­ni al­ma­ga ýar­dam ed­ýär. Şet­da­ly dem­re baý mi­we­le­riň bi­ri­dir.

Beýleki habarlar