Dün­ýä­niň reňk­li myh­man­ha­na­la­ry

2 Awgust 2024
139

Myh­man­ha­na­lar ýa­şa­mak we dynç almak üçin amat­ly şert­le­ri bo­lan döwrebap merkez bo­lup, sy­ýa­hat­çy­la­ryň göwnejaý dynç al­ma­gy­ny üp­jün ed­ýär. Gin­ne­siň Bü­tin­dün­ýä re­kord­lar ki­ta­by­nyň mag­lu­mat­la­ry­na gö­rä, 705-nji ýyl­da Ýa­po­ni­ýa­da dö­re­di­len Ni­si­ýa­ma On­sen Ke­ýun­kan merkezi res­mi taý­dan il­kin­ji myh­man­ha­na ha­sap­lan­ýar. Soň­ky ýyl­lar­da dün­ýä­niň dür­li kün­je­gin­de bi­na­gär­lik gur­lu­şy, owa­dan­ly­gy, hö­dür­len­ýän hyz­mat­la­ry we şert­le­ri bi­len bi­ri-bi­rin­den ta­pa­wut­lan­ýan myh­man­ha­na­la­ryň müň­ler­çe­si gu­rul­dy. Ga­ze­ti­mi­ziň şu sa­nyn­da be­zeg aý­ra­tyn­ly­gy, esa­san hem, reňk­li gur­lu­şy bi­len ta­pa­wut­lan­ýan dün­ýä­dä­ki iň meş­hur 5 myh­man­ha­na bi­len ta­nyş­dyr­ýa­rys.

«Be­la Vis­ta», Por­tu­ga­li­ýa. Por­ti­man ke­nar­ýa­ka şä­he­rin­de ýer­leş­ýän bu 5 ýyl­dyz­ly myh­man­ha­na­nyň reňk­le­ri Por­tu­ga­li­ýa­nyň te­bi­gy gö­zel­lik­le­rin­den yl­ham al­ýar. Al­gar­wi se­bi­tin­de gur­lan goň­rum­tyl-al­tyn­sow reňk­li myh­man­ha­na­nyň iç­ki be­ze­gin­de, esa­san, gök reňk ula­ny­lyp­dyr. Gök reňk­dä­ki be­zeg­ler myh­man­ha­na­ny At­lan­tik um­ma­ny­nyň aja­ýyp gör­nü­şi bi­len bir­leş­dir­ýär. «Praia da Rocha» ke­nar­ýa­ka dynç alyş mer­ke­zi­niň ýa­nyn­da ýer­leş­ýän bu myh­man­ha­na­da reňk­li dynç alyş otag­la­ry bi­len bir ha­tar­da, dynç alyş how­zy, açyk aş­ha­na, pal­ma­ly meý­dan­ça bar. Por­tu­ga­li­ýa­nyň gü­nor­ta­syn­da­ky ke­nar­ýa­ka­da ýer­leş­ýän bu bi­na XIX asyr­da gur­lan maş­ga­la öýi bo­lup, 1934-nji ýyl­da myh­man­ha­na öw­rül­ýär.

Beýleki habarlar