«Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň «Daýanç» sagaldyş merkezinde çagalaryň tomusky dynç alyş günleri uly ruhubelentlige beslenýär. Bu ýerde Arkadag şäherinde geçirlen halkara matematika olimpiadasynda 1-nji orna mynasyp bolan Russiýa Federasiýanyň mekdep okuwçylary, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýardam bermeginde bejergi alan çagalar, Döwletliler köşgünde terbiýelenýän we bilim alýan çagalar dynç alýarlar.
Dynç alşyň ilkinji gününde «Daýanç» sagaldyş merkezinde Russiýa Federasiýasyndan we ýurdumyzdan dynç almaga gelen çagalar uly şatlyk-şowhun bilen garşy alyndy. «Arkadag sahawaty — ömürleriň çyragy» atly açylyş dabarasy bu ýere gelen çagalarda ýakymly täsirleri galdyrdy. Açylyş dabarasynda dost-doganlyk aýdymlary, türkmen halkynyň milli küştdepdi tansyna çagalaryň hemmesi goşuldy.