Keçe güllär çeper eller

1 Awgust 2024
141

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli mirasymyzy, şol sanda çeper elli zenanlarymyzyň el işlerini wagyz etmeklige uly üns berilýär. Munuň şeýledigine ýurdumyzyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň, Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň hem-de ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň sekretariatynyň bilelikde yglan eden «Gülüň owadan!» atly bäsleşigiň mysalynda hem aýdyň göz ýetirmek bolýar.

Gelin-gyzlarymyzyň arasynda milli gymmatlyklarymyza, ene-mamalarymyzdan gelýän el işlerine höwesi artdyrmak, asylly gylyk-häsiýetleri terbiýelemek maksadyndan ugur alyp geçirilýän bäsleşigiň Türkmenistanyň jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde guralan jemleýji döwlet tapgyry üç şertden ybarat boldy. Olaryň birinjisine keçäniň taýýarlanylyşy bilen bagly işler, ýagny ýüň saýlamak, saýmak, daramak, boýamak, pişge etmek hem-de keçäni taýýarlamakda zerur bolan gurallar hakdaky maglumatlar girýär. Ikinji şertde milli keçe nagyşlaryny salyp, keçe güllemek hem-de üçünji şertde bolsa keçe bilen baglanyşykly şahyrana halk döredijilik eserlerini aýdyp bermek bellenildi. Çykyşlarda milli mirasymyza belent sarpa goýulýan döwrümiziň waspy belentden ýaňlandy.

(Ýörite habarçymyz).
Surata düşüren Maksat GYLYJOW.
Beýleki habarlar