Kanunlar döwrebap kämilleşdirilýär

31 Iýul 2024
151

Hormatly Prezidentimiziň berýän tabşyryklaryndan we maslahatlaryndan ugur alnyp, ýurdumyzyň dürli pudaklaryna degişli kanunlar kabul edilýär we öňden hereket edýänlerine goşmaçalardyr üýtgetmeler girizilýär. Munuň özi döwür bilen aýakdaş gitmegiň esasy çelgisi hasaplanýar. Ýaňy-ýakynda «Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna goşmaçalar we üýtgetmeler girizmek hakynda» Türkmenistanyň Kanuny kabul edildi. Oňa laýyklykda, «Türkmenistanyň Zähmet kodeksine üýtgetmeler girizmek hakynda», «Türkmenistanda adwokatura we adwokatlyk işi hakynda», «Raýat ýagdaýynyň namalary hakynda» Türkmenistanyň Kanunlaryna goşmaçalar we üýtgetmeler girizildi.

«Türkmenistanyň Zähmet kodeksine üýtgetmeler girizmek hakynda» Kanunda «Notarial we notarial işi hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň kabul edilmegi hem-de hususy notariuslaryň işe girişmegi bilen bagly ýüze çykýan meseleleri aradan aýyrmak we olaryň zähmet gatnaşyklaryny düzgünleşdirmek maksat edinilip, hünärmenlik hyzmatlaryny amala aşyrýan fiziki şahslar iş beriji fiziki şahs hökmünde göz öňünde tutulypdyr. Şeýle hem Kanunda «Türkmenistanda adwokatura we adwokatlyk işi hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 44-nji maddasynda Adalat ministrliginiň guramaçylyk-usuly kömegi bermek bilen baglanyşykly ygtyýarlyklaryna adwokatlar tarapyndan jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna, terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine we köpçülikleýin gyryş ýaragynyň ýaýradylmagynyň maliýeleşdirilmegine garşy hereket etmek hakynda ýurdumyzyň kanunçylygynyň talaplarynyň ýerine ýetirilişine gözegçiligi ygtyýarly edara bilen amala aşyrýandygy barada kada beýan edilýär. Şeýle hem Kanunda «Raýat ýagdaýynyň namalary hakynda» Türkmenistanyň Kanunynda dürli görnüşde ulanylýan şol bir adalgalar, düşünjeler we sözler kanunçylygyň ýazylyş tertibine laýyklykda, bir görnüşe getirilip kämilleşdirilendir. Şeýle-de agzalan Kanunyň 78-nji maddasyna ölümi döwlet belligine alan RÝNÝ edarasy bu barada döwlet belligine alnan aýyndan soňky aýyň bäşinden gijä galman öz ýerleşýän ýeri boýunça salgyt edarasyna we ýurdumyzyň Pensiýa gaznasynyň ýerli edarasyna habar bermelidigi baradaky kada goşulandyr.

Şirnazar BERDIÝEW,
Gozgalmaýan emläge bolan hukuklaryň we onuň bilen bagly geleşikleriň döwlet tarapyndan bellige alynmagy baradaky gullugyň Boldumsaz etrap bölüminiň döwlet bellige alyjysy.
Beýleki habarlar