Geňeşli iliň işi ileri

30 Iýul 2024
167

Indi 33 ýyla golaý wagt bäri Garaşsyzlygyň erkana howasyndan dem alýan eziz Diýarymyz ösüşiň täze belentliklerine tarap barha batly gadamlar bilen barýar. Döwletimiziň Ýer ýüzündäki syýasy abraýy gün-günden ýokary göterilýär, ýurdumyzyň ykdysady kuwwaty ägirt uly üstünlikler bilen barha berkeýär, türkmen halky bu gün milli medeniýeti we sungaty bilen buýsançly başyny belent tutup, halkara giňişlige çykýar. Şu göwün galkyndyryjy ösüşleriň gözbaşynda bolsa döwlet bilen halkyň jebisligi, milli döwletlilik ýörelgelerimiz durandyr.

Arkadagly Gahryman Serdarymyz «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen ajaýyp şygary öňe sürüp, halkymyzy üstünliklerden üstünliklere alyp barýar. Halk bilen bitewüligiň, il-ulsy özüňe ýakyn tutmagyň döwletlilikden nyşandygy barada dana pederlerimiz parasatly pikirleri aýdyp geçipdirler. Şu ýyl doglan gününiň 300 ýyllygy uly dabaralar bilen bellenilýän akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragy «Görer gözüň — iliňni» atly şygrynda bu barada:

Ejegyz ÇARYÝEWA,
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň esasy ylmy işgäri, filologiýa ylymlarynyň kandidaty.
Beýleki habarlar