Magtymguly Pyragy — Jemşidiň jamy

26 Iýul 2024
207

Saglygy goraýyş işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Balkanabat şäher geňeşiniň we welaýat kitaphanasynyň bilelikde guramagynda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp, «Magtymguly Pyragy — Jemşidiň jamy» atly maslahat geçirildi.

Döredijiligi Jemşidiň jamyna deňelýän akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň eserleri, pähim-paýhasa ýugrulan dürdäne setirleri gymmatyny hiç haçan ýitirmejek bahasyz baýlykdyr. Ol eserler asyrlar geçse-de, şamçyrag deý lowurdap, durmuşymyza nur çaýýar. Şeýle ölmez-ýitmez eserleriň döremegini şahyryň ata Watanyny, ene topragyny, il-halkyny jany-teni bilen söýendigi, milletiniň özbaşdak döwlet gurup, eşretli durmuşda ýaşamagyny arzuw edendigi bilen düşündirip bolar.

Simnaz Kubatowa,
Saglygy goraýyş işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Balkanabat şäher geňeşiniň başlygy.
Beýleki habarlar