Ýurduň ösüşi — buýsandyryjy sepgitler

24 Iýul 2024
145

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň “Döwlet adam üçindir!”, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň “Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!” diýen ýörelgelerinden ugur alnyp, ýurdumyzyň ähli pudaklarynda, şol sanda ykdysadyýetinde, oba hojalygynda beýik işler amala aşyrylýar. “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda ýurdumyz beýik ösüşleri başdan geçirýär. Bu bolsa her birimiziň buýsanjymyzy goşalandyrýar.

Ähli pudaklar bilen bir hatarda bilim ulgamynda gazanylýan üstünlikler hem aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Aýratyn-da, ýurdumyzda ýaş nesilleriň döwrebap kemala gelmegi, bilimli, sowatly bolup ýetişmegi ugrunda bimöçber işler durmuşa ornaşdyrylýar. Has takygy, şu günler ýurdumyzyň ähli ýerinde ýokary okuw mekdeplerine okuwa girmek üçin resminamalar tabşyrylyp, dalaşgärler hasaba alynýar. Dalaşgärleri 2024 - 2025-nji okuw ýyly üçin bakalawr, hünärmen, magistr maksatnamalary boýunça ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine kabul etmek işleri gyzgalaňly dowam edýär. Welaýatymyzyň ýaşlary öz saýlap alan hünärleri boýunça dürli ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine resminamalaryny tabşyryp, giriş synaglaryna taýýarlyk görýärler. Ussat hünärmenler bolup, ata Watanymyzyň ösüşlerine mynasyp goşantlaryny goşjak dalaşgärlere giriş synaglaryny üstünlikli tabşyryp, talyp adyna eýe bolmaklaryny arzuw edýäris.

Beýleki habarlar