Iýmit arassaçylygy möhüm talapdyr

17 Iýul 2024
195

Sagdyn iýmitlenmek sagdyn ýaşaýşyň çeşmesidir. Howanyň yssy günleri iýmit arassaçylygyna aýratyn üns bermeli. Käbir iýmitler tiz zaýalanagan bolýar. Şonuň üçinem olaryň saklanyş düzgünlerini berk berjaý etmeli. Iýmitiň görnüşleriniň köpdürlüligini üpjün etmek maksady bilen, iýmitde ýokumly maddalara, witaminlere baý bolan miweleri we gök önümleri yzygiderli ulanmaly, zyýanly doýgun ýag turşularyna baý bolan mal ýaglaryny peýdaly ösümlik ýaglaryna çalyşmaly. Adamyň iýmitinde ýaglaryň köptaraply ähmiýeti bar. Olar çagalaryň boýunyň ösmegi, kelle-beýni öýjükleriniň gurluşy üçin peýdalydyr. Ýaglar A we D witaminlerini doly özleşdirmek üçin zerurdyr. Olar ösüp barýan beden üçin zerur bolan fosfatitleriň we ýag turşularynyň çeşmesidir. Bedeniň ýaga bolan islegi beloga bolan islegi bilen deňdir. Ýöne ýaglaryň köp, çendenaşa kabul edilmegi ýürek-damar, arterial gan basyşynyň ýokarlanmagy ýaly kesellere getirip bilýär.

Howanyň yssy günlerinde adamyň suwa bolan islegi öňkülerinden artýar. Adamlara gazlandyrylan, dürli reňkli içgileri köp içmeklik maslahat berilmeýär. Onuň deregine sowadylan, gaplanan arassa agyz suwuny, gök çaý içmeli. Şeýle hem kremli, yssy howada tiz zaýalanýan konditer önümlerini aşa köp iýmekden saklanmalydygyny ýatladýarys. Ýokarda agzalan önümlerde şekeriň mukdarynyň bellenilen kadalardan köp bolmagy saglyga uly zyýan ýetirýär. Olar çaga döwründen semizligiň ýüze çykmagyna we endokrin keselleriniň döremegine getirip bilýär.

Nepesgylyç ANNAMYRADOW,
welaýat arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň arassaçylyk-gigiýena bölüminiň müdiri.
Beýleki habarlar