Termosy kim oýlap tapdy?

17 Iýul 2024
194

Adamlar durmuşlaryndaky ilkinji suw gaplarynyň daşyna ýüň ýa-da hasa oramak arkaly suwuklygy birnäçe sagatlap şol bir temperaturada saklap bilipdirler. Aňyň kämilleşmegi bilen bu ugurda oýlanyp tapylan iň ygtybarly serişdeleriň biri termosdyr. Eýsem-de, durmuşymyzda gündelik ulanylýan termosy kim oýlap tapdyka?

1842 — 1923-nji ýyllarda ýaşap geçen şotlandiýaly fizik we himik Jeýms Dýuar suwuk himiki serişdeleri pes derejede saklamak üçin wakuum çüýşesi bolan gaby oýlap tapýar. Ol 1892-nji ýylda aýna çüýşäniň içine başga bir çüýşäni ýerleşdirýär. Netijede, wakuumly gatlak döräp, ol iki çüýşäniň arasynda howasyz boşlugy emele getirýär. Bu oýlap tapyş suwuklygy uzak wagtlap şol bir temperaturada saklamaga  mümkinçilik berýär.

Beýleki habarlar