Aýdyň ýoldan öňe tarap

17 Iýul 2024
201

Şeýle at bilen Esenguly etrap häkimliginiň mejlisler jaýynda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň etrap birleşmesi wagyz-nesihat çäresini geçirdi. Oňa jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, edara-kärhanalarda zähmet çekýän ýaşlar, il sylagly ýaşulular gatnaşdylar.

Çärede Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy  döwründe ösüşlere beslenýän  Diýarymyzyň sagdynlygyň hem-de ruhubelentligiň ýurdudygy,  diňe halal zähmet bilen Watanymyzyň abraý-mertebesini, şan-şöhratyny has-da beýgeltmelidigi baradaky buýsançly gürrüňlere giň orun berildi. Şeýle hem hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda amala aşyrylýan il-ýurt bähbitli işler barada buýsançly gürrüň edilip, bu işlere her bir adamyň işjeň gatnaşyp,  mynasyp goşant goşmalydygy nygtaldy.

Amanmämmet Durdyýew,
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Esenguly etrap birleşmesiniň baş buhgalteri.
Beýleki habarlar