Topragyň altyn nygmaty

16 Iýul 2024
215

Türkmen topragy — bereketli toprak. Ol daýhanyň yhlasly zähmetine mydama bol hasyl bilen jogap berýär. Ata-babalarymyzyň daýhançylyk tejribesine daýanýan «Daýhan mert — ýer jomart» diýen atalar sözi hem şonuň üçin dörän bolsa gerek. Halkymyzyň dilden düşürmeýän bu sözi «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylymyzda has-da dabaralandy. Merdana türkmen gallaçylary ene ýere yhlas edip, guşgursak bugdaýyň 1 million 400 müň tonnadan gowragyny Watan harmanyna goşdular. Bu bolsa, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda galla bolçulygyny üpjün etmek ugrunda täze bir sepgidiň eýelenendigini görkezýär. Güneşli Diýarymyzda daýhançylyk işi — arzylanýan kesp, hormatly hünär, ekerançylyk meýdanlary bolsa rysgal-berekedi bolluk bilen eçilýän ýerler. Şeýle bolansoň, daýhan ýeriň, ýer daýhanyň hemrasy, ikisi-de halal zähmete aşyk. Daýhan ýeri «gözden salmasa», ýer ony hor edenok. Bu pikir-düşünje gallaçy daýhanlar barada aýdylanda, aýratyn çuň mana eýe bolýar. Sebäbi bugdaý ekip, galla ýetişdirip, bol hasyl almak diňe bir il-günüň eşretini artdyrman, eýsem, has giň manysynda, adamzat ýaşaýşynyň hem özeni bolup durýar.

Altyn öwüşgin içre tolkun atan bugdaýly meýdanlarda joşýan yhlasly zähmet gallaçy daýhanyň ýyllyk azabynyň rehnedini berýär. Galla oragyny gysga möhletde jemleýän gallaçy kärendeçiler öňde goýan aýdyň maksatlaryna ýetmek üçin hasylyň ýeke dänesini hem yrýa etmeýärler. Halal zähmetiň berýän şirin miwesi daýhan göwnüne ganat berýär. Ösüş-özgerişli döwrümiziň her ýylynda zähmet üstünlikleriniň ençemesine şaýat bolsak-da, ak bugdaýdan altyn daglary döretmegiň we bu ugurdaky sepgitleriň öňkülerden ýokarydygyna guwanmagyň berýän täsiri aýratyn ýakymly. Çünki «uly iliň soltany» diýilýän ak bugdaýyň ýaşaýyş üçin iňňän möhümligini bilmeýän ýok. Pikir edip görüň, ak bugdaýy Änew düzlüklerinde medeniýetleşdirip, mundan bäş müň ýyldan-da owal ýetişdirip başlan pederlerimiz «Galla aldym — gala aldym» diýen pähimi döredipdirler. Munuň özi halkymyzyň maksadynyň, turuwbaşdan, ekiniň hasyllylygyny ýokarlandyrmakdan ybarat bolandygyna güwä geçýär.

Gülsere JUMAÝEWA,
žurnalist.
Beýleki habarlar