Iň uly ýahta suwa goýberiler

12 Iýul 2024
227

Dün­ýä­niň iň uly ýah­ta­sy bol­jak «Ulys­sia» su­per­ýah­ta­sy 2028-nji ýyl­da su­wa goý­be­ri­ler. «Gä­mi­niň uzyn­ly­gy 324 metr bo­lup, ady ro­wa­ýa­ta öw­rü­len «Ti­ta­nik»-den (269 metr) has uzyn bo­lar» di­ýip, «Na­ked Science» web saý­ty ha­bar ber­ýär. Bu tas­la­ma bel­li di­zaý­ner Es­pen Oý­no ta­ra­pyn­dan iş­le­nip dü­zül­di we onuň gur­lu­şygy 2028-nji ýy­lyň okt­ýabr aýyn­da ta­mam­la­nar.

«Ulys­sia» su­pe­rý­ah­ta ady­ny gö­ter­ýän hem bol­sa, ýo­lag­çy gä­mi­si­dir. Onuň bor­tun­da 112 ine­dör­dül metr­den 930 ine­dör­dül met­re çen­li bo­lan ka­şaň pent­ha­us­lar ýer­le­şer. Her bir pent­ha­us ýa­tyl­ýan otag­lar, myh­man otag­la­ry, aş­ha­na­lar we um­ma­na bak­ýan giň ter­ra­sa­lar bi­len en­jam­laş­dy­ry­lan­dyr. «Ulys­sia»-nyň gur­lu­şy­gyna in­di­ki ýyl Ger­ma­ni­ýa­nyň «Meyer Werft» gä­mi abat­la­ýyş kär­ha­na­synda baş­lanar. Gä­mi lýuks, ra­hat­lyk we in­no­wa­si­ýa teh­no­lo­gi­ýa­sy­ny ut­gaş­dy­ryp, in­že­ner­çi­lik we di­zaýn sun­ga­ty­nyň ha­ky­ky nus­ga­sy­na öw­rü­ler.

Beýleki habarlar