Saýlawlaryň jemleri jemlenildi

11 Iýul 2024
332

Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň 7-nji iýulynda Aşgabat şäheriniň 1-nji «Garaşsyzlyk», 2-nji «Bitaraplyk» we 6-njy «Köpetdag» saýlaw okruglary boýunça Türkmenistanyň Mejlisiniň möhletinden öň çykyp giden deputatlarynyň saýlawlary geçirildi. 9-njy iýulda Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň mejlisinde şol saýlawlaryň jemleri jemlendi. Bu çärä Merkezi saýlaw toparynyň agzalary we onuň ýanynda döredilen iş toparlarynyň wekilleri, milli synçylar, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdy.

Mejlisiň dowamynda bäsdeşlik, aýanlyk, açyklyk ýörelgeleri esasynda geçen saýlawlaryň Türkmenistanyň saýlap alan demokratik ýoluna hem-de Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän özgertmelere ygrarlydygyny nobatdaky gezek subut edendigi, şeýle hem saýlawçylaryň ýokary işjeňlik görkezendigi bellenildi. Saýlawlara bellige alnan saýlawçylaryň umumy sanynyň 91,32 göteriminiň gatnaşandygyny aýratyn bellemek gerek.

Kyýas AKMÄMMEDOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň halkara žurnalistikasy hünäriniň talyby.
Beýleki habarlar