Bäsleşik geçirildi

11 Iýul 2024
318

Häzirki wagtda Balkan welaýatynyň dürli künjeklerinden bolan çagalar Gyzylarbat etrabyndaky «Dürdäne» çagalar sagaldyş-alyş merkezinde dynç alýarlar. Merkezde çagalaryň wagtlaryny gyzykly, täsirli geçirmekleri üçin zerur şertler döredilipdir. Kitaphana, internet otagy, sport eýwany, howuz, sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmak üçin açyk meýdançalar, aýdym-saz otaglary dynç alýan çagalaryň hyzmatynda. Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Gyzylarbat etrap komitetiniň işgärleri beýleki ýerli jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri we etrap bilim bölümi bilen bilelikde sagaldyş-dynç alyş merkezinde dürli medeni çäreleri, sport bäsleşiklerini yzygiderli geçirýär.

Ýakynda çagalar sagaldyş-dynç alyş merkezinde, dynç alýan çagalaryň arasynda «Watan waspyn edeliň!» atly surat çekmek boýunça bäsleşik geçirildi. Çagalaryň wagtlaryny gyzykly, täsirli geçirmek maksady bilen geçirilen bäsleşikde çagalar ata Watanymyzy, gözel tebigatymyzy wasp edýän suratlary çekdiler.

Şamyrat AKMÄMMEDOW,
TDP-niň Gyzylarbat etrap komitetiniň başlygy, Balkan welaýat halk maslahatynyň agzasy.
Beýleki habarlar