Watandaşlarymyz haj parzyny berjaý etdiler

10 Iýul 2024
198

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlaryny üstünlikli dowam etdirýän hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tagallalary esasynda ýurdumyzyň zyýaratçylar topary haj parzyny berjaý etmek maksady bilen, Saud Arabystanynda boldular. Düýn bu toparyň galan bölegi Watanymyza gaýdyp geldi. Musulmanlaryň esasy baýramlarynyň biri bolan Gurban baýramynyň mübärek günlerinde Türkmenistanyň bäş welaýatynyň we paýtagtymyzyň wekilleri dünýäniň millionlarça zyýaratçylary bilen bilelikde mukaddes Käbä tagzym etmek we beýleki däp-dessurlary berjaý etmek üçin Mekgede hem-de Medinede boldular.

Türkmen zyýaratçylary ýörite uçarda Aşgabadyň Halkara howa menziline geldiler. Soňra bolsa döwrebap awtobuslarda «Parahat — 7» ýaşaýyş toplumynda ýerleşýän Hezreti Omar metjidine bardylar.

TDH-niň habary esasynda taýýarlanyldy.
Beýleki habarlar