«Gülüň owadan» atly bäsleşigiň Kaka etrap tapgyry

10 Iýul 2024
445

Kaka etrabynyň Medeniýet öýünde «Gülüň owadan» atly bäsleşigiň etrap tapgyry geçirildi. Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşi hem-de Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli Merkezi tarapyndan çeper elli, zähmetsöýer zenanlaryň arasynda yglan edilen bäsleşigiň bu tapgyryna el hünärine ussat zenanlaryň uly topary gatnaşdy.

Bäsleşige gatnaşyjy zenanlar türkmen milli keçesini taýýarlamak bilen baglanyşykly ýüp saýlap almak we saýmak, ýüňi daramak, pişge ýasamak, keçäniň gamşyny dokamak ýaly işleri ýerine ýetirdiler, keçäniň görnüşleri, ony taýýarlamak üçin zerur bolan gurallaryň atlary we şol gurallaryň dogry ulanylyşy barada gürrüň berdiler, gadymy nagyşlary keçä saldylar, keçe bilen baglanyşykly taryhy maglumatlary, yrymlary, rowaýatlary, gazallary, aýdyşyklary aýtdylar.

Bahar ÄRNEPESOWA,
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Kaka etrap birleşmesiniň işgäri.
Beýleki habarlar