Ýaşlar sagdyn durmuş bilen

10 Iýul 2024
265

Şeýle at bilen Bäherden etrabyndaky Ýüplük fabriginde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň etrap Geňeşi tarapyndan wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Fabrikde zähmet çekýän ýaşlaryň gatnaşmagynda geçen duşuşygyň esasy maksady sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz-nesihat etmekden ybarat boldy.

Duşuşykda ýurdumyzda ýaşlary sport-sagaldyş hereketlerine giňden çekmek, olaryň berk bedenli, sagdyn ruhly bolup ýetişmegini gazanmak babatynda edilýän tagallalar, jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgeleriniň berkarar bolmagy ugrunda durmuşa geçirilýän işler dogrusynda gürrüň edildi. Çykyş edenler ýaşlara ýaramaz endiklerden daşda durmak, sport bilen yzygiderli meşgullanmak bilen bagly öwüt-ündewlerini aýtdylar. Pederlerimizden gelýän asylly ýol-ýörelgeler, watansöýüjilik, maşgala mukaddesligi bilen bagly edilen gürrüňler hem örän täsirli boldy.

Mamagözel BOZZYÝEWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Bäherden etrap Geňeşiniň işgäri.
Beýleki habarlar