Niderlandlaryň paýtagty Amsterdama her ýylda 20 million töweregi myhman barýar. Şäheriň ýerli häkimiýetiniň ýolbaşçylary syýahatçylaryň sanyny azaltmak maksady bilen täze karar kabul etdi. Täze düzgüne görä, ýylyň dowamynda iň köp 100 gämi şäheriň portuna baryp biler. Häzirki wagtda şäheriň esasy demir ýol wokzalynyň golaýyndaky derýa kenaryndaky ýolagçy portuna ýylda 190 gämi ýanaşyp bilýär. Geçen ýyl bolsa şäherde daşky gurşawa ýetirilýän zyýany azaltmak maksady bilen uly ýolagçy gämileriň şäheriň merkezinde labyr taşlamagy gadagan edilipdi. Täze düzgün 2026-njy ýyldan başlap güýje girer. Has uly gämiler Rotterdam portuna gitmeli bolar. Şeýle hem ýerli häkimiýet 2035-nji ýyla çenli porty şäher merkezinden dolulygyna aýyrmagy meýilleşdirýär.