«Go­og­le ter­ji­mä» 110 tä­ze dil go­şul­dy

5 Iýul 2024
218

In­ter­ne­tiň iň meş­hur saý­ty «Go­og­le» ula­ny­jy­la­ry­na dür­li hyz­mat­la­ry hö­dür­le­ýär. Şo­la­ryň ara­syn­da on­laýn ter­ji­me hem bar. «Go­og­le ter­ji­me» hyz­mat­la­ry­na tä­ze 110 dil go­şul­dy. Bu dil­le­riň ara­syn­da 5 dil ural-al­taý dil­ler maş­ga­la­sy­na de­giş­li bo­lan tür­ki dil­ler­dir. Şeý­le­lik­de, bu hyz­mat çu­waş­ça, ky­rym ta­tar­ça­sy, baş­gyr­ça, tu­wa­ça we ýa­kut­ça ula­ny­jy­lar üçin el­ýe­ter­li bol­dy. Şu­nuň bi­len ter­ji­me hyz­mat­la­ry­na go­şu­lan tür­ki dil­le­riň sa­ny 13-e ýet­di. Mun­dan öň «Go­og­le ter­ji­me» ar­ka­ly azer­baý­jan, ga­zak, gyr­gyz, ta­tar, türk, türk­men, öz­bek we uý­gur dil­le­ri­ni ter­ji­me et­di­rip bol­ýar­dy. «Go­og­le» bu ba­ra­da­ky ha­ba­ryn­da şu ge­zek hä­zi­re çen­li iň köp di­liň go­şu­lan­dy­gy­ny bel­le­di. «Go­og­le ter­ji­me» 2008-nji ýyl­da hyz­ma­ta hö­dür­le­nip­di.

Me­kan MAH­TU­MOW,

Beýleki habarlar