Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaşlaryň bilimli, ylymly, beden we ruhy taýdan sagdyn, hemmetaraplaýyn kämil, watansöýüji hem-de ynsanperwer şahsyýetler hökmünde kemala gelmegi üçin ähli şertlerdir mümkinçilikler döredilýär. Häzirki wagtda ýaş raýatlaryň konstitusion hukuklaryny, azatlyklaryny üpjün etmek we ony durmuşa geçirmek üçin hukuk, durmuş-ykdysady, guramaçylyk şertlerini, kepilliklerini döretmek maksady bilen, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy esasynda tassyklanan «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 – 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynda» hem-de ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasynda, şeýle-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VII gurultaýynda hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň gol çekip tassyklan «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň täze rejelenen görnüşinde beýan edilýän wezipeler, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda hem üstünlikli durmuşa geçirilýär. Muny türkmen ýaşlarynyň durmuşynyň ähli çygyrlarynda üpjün edilen mümkinçilikler doly tassyklaýar. Şunda ýurdumyzda ileri tutulýan ugurlaryň biri hökmünde pudaklaýyn gatnaşyklar bilen sazlaşykly alnyp barylýan ýaşlar baradaky döwlet syýasaty hem oňyn netijeleri we ähmiýetli işleri bilen tapawutlanýar. Ýaş raýatlaryň durmuş goraglylygyndan başlap, olaryň jemgyýetdäki ornuny pugtalandyrmak, ýokary bilimli we hünär taýýarlykly nesli kemala getirmek wezipelerine jogapkärçilikli çemeleşilýär we bu ugurda netijeli çözgütler kabul edilýär.
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň gatnaşmagynda geçirilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VII gurultaýynda we onda ýurdumyzyň ýaşlarynyň teklipleri esasynda işlenip taýýarlanylan «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşiniň kabul edilmegi hem ýaşlarymyz üçin döredilýän mümkinçilikleriň kanunçylyk binýadyny has-da berkitdi.