Milli binagärligiň nusgasy

3 Iýul 2024
225

Paýhasly kitaplaryň birinde şeýle jümle bar: «Biribar ýer-ýurtlary ýaratdy. Şäherleri adamlar döretdi». Görnüşi ýaly, bu sözler arkaly şäher gurmagyň uly işdigi, döwletli tutumdygy nygtalýar. Şu jähetden alnanda, Gahryman Arkadagymyzyň binagärlik paýhasyndan kemal tapan, Köpetdagyň eteginde seleňläp oturan Arkadag şäheriniň gurulmagy Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň iň uly taryhy hem-de şanly wakalarynyň biridir.

Uly wakalar, şanly seneler hemişe-de ýakymly duýgular bilen ýatlanylýar. Özem olaryň üstünden ençeme wagt geçse-de, edil häzir bolup geçen ýaly ahwaly başdan geçirýärsiň. Arkadag şäheriniň birinji tapgyrynyň dabaraly ýagdaýda açylyp ulanmaga berleni hem ýaňy ýalydy welin, bu şanly wakanyň bolup geçenine eýýäm bir ýyl doldy. Şoňa görä-de, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» diýlip atlandyrylan şu ýylyň 29-njy iýunynda täze şäheriň açylmagynyň bir ýyllygy dabaraly ýagdaýda bellenilip geçildi. Adamlaryň ýaşamagy, zähmet çekmegi, döretmegi üçin ähli amatlyklary bolan «akylly» şäheriň gurulmagy, birinjiden, biziň ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň örän ýokarydygyny, ikinjiden, döwletimizde adam hakdaky aladanyň, ýaş nesilleri kämil şahsyýetler edip terbiýeläp ýetişdirmegiň, döwrebap ylym-bilim bermegiň hemişe üns merkezindedigini aýdyň tassyklady. Çünki Arkadag şäheri ýaşlaryň we ýaşlygyň, ylmyň-bilimiň, giň mümkinçilikleriň hem-de geljegiň şäherine, halkara derejesindäki medeni çäreleriň geçirilýän mesgenine öwrüldi.

Laçyn SAHATOWA,
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň mugallymy.
Beýleki habarlar