Nurana menziller

3 Iýul 2024
239

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň we Türkmenistanyň Ylymlar Akademiýasynyň guramagynda ýaşlaryň arasynda ylmy işler boýunça geçirilen bäsleşigiň ýeňijisi bolmak bagty maňa hem miýesser etdi. Men bäsleşikde 2-nji orna mynasyp bolup, Şa serpaýy bilen sylaglandym. «Türkmen we hytaý dillerinde nakyllar we atalar sözi» meniň ylmy işimiň mowzugy. Bu ugurda ylmy barlaglaryň geçirilmegi türkmen ýaşlaryna hytaý dilini has hem kämil öwrenmäge uly ýardam berer. Şunda ylmy işler «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň», «Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasynyň», «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasynyň», hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzy 2024 — 2052-nji ýyllar aralygynda ösdürmek baradaky görkezmeleriniň esasynda ýerine ýetirildi.

Ylmy işde türkmen dilindäki nakyllaryň we atalar sözüniň hytaý diline terjime edilişiniň usullaryny kesgitlemek, olaryň düzgünlerini seljermek, türkmen dilindäki nakyllardyr atalar sözüniň hytaý diline terjime edilmeginde mümkingadar takyklygy gazanmak maksat edilip goýuldy. Ylmy derňewden alnan netijeler terjimeçilik işi boýunça okuw kitaplaryny we gollanmalary taýýarlamakda, terjimeçileriň hünär taýýarlygyny kämilleşdirmekde uly ýardam eder. Ylmy işde türkmen dilindäki nakyllaryň we atalar sözüniň hytaý diline terjime etmek usullary ilkinji gezek görkezilýär.

Aýlar BAÝMYRADOWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň mugallymy.
Beýleki habarlar