Galla biziň baýlygymyzdyr

3 Iýul 2024
245

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda daýhanlarymyzyň zähmet çekip ýetişdiren bugdaý hasylyny isripsiz ýygnamak gyzgalaňly dowam edýär. Bu döwürde ýol berlen her bir säwligiň uly ýitgilere getirýändigini unutmaly däldiris. Ol säwlikleriň biri hem ot belasydyr. Şeýle hadysalaryň döremezligi üçin galla oragyna gatnaşýan işgärler ýangyn howpsuzlygynyň düzgünlerini doly berjaý etmelidirler. Bu möwsümde şu aşakdaky ýangyn howpsuzlyk düzgünlerini ýerine ýetirmek hökmanydyr.

Galla oragyna gatnaşýan ähli işgärler bilen ýangyn howpsuzlygynyň düzgünleri barada gözükdiriş işleri geçirilmelidir. Ähli kombaýnlarda, traktorlarda we awtoulaglarda tehniki gözegçilik işleri yzygiderli guralmalydyr. Däneli ekin meýdanlarynda gije-gündiziň dowamynda nobatçylygyň guralmagy hökmanydyr. Orak möwsümi döwründe gury ot-çöpleri, meýdanyň samanyny otlamak düýbünden gadagandyr. Hasyl ýygymyna gatnaşýan ähli kombaýnlar, traktorlar we awtoulaglar saz işleýän uçgun söndürijiler bilen enjamlaşdyrylmalydyr hem-de ilkinji ýangyn söndüriji serişdeleri bilen doly üpjün edilmelidir. Näsaz kombaýnlary, traktorlary we awtoulaglary galla oragyna gatnaşdyrmak gadagandyr.

Merdanmuhammet NIÝAZDURDYÝEW,
Ahal welaýatynyň Polisiýa müdirliginiň Ýangyn howpsuzlygy bölüminiň 204-nji Ýangyn howpsuzlyk bölüminiň müdiri, içerki gullugyň podpolkownigi.
Beýleki habarlar