Halypa hakynda söz

3 Iýul 2024
220

Ýazmak — ykbalyň peşgeşi

Owaly oglanlyk, öýlesi gojalyk bolan gadymy dünýäde juwan ýaşaýyş dowam edýär. Bu iki möwrit arasynda her kim öz ýodasyny-ýoluny agtarýar. Tapanlar tapýar, «yhlas bilen bir kämilge gol bermedikler» bolsa gazygynyň daşynda aýlana-aýlana, örklenen ýerinde galyberýär. Diýmek, ýaşaýyş öňe gitmegi, ýyllar kämilleşmegi, durmuş öz ýoluňy tapmagy talap edýär. Şunda döretmek bagty nesip edenleriň alnyna uly ykbalyň ýazylýandygyny bellemek gerek. Ýazmak — bakylyga dahylly bolup, dowamata ýol salmak; beýniňi işe girizip, ýüregiňi goýup, mümkinçiligiňi saldarlamaga şert; özüň kimdigiňe göz ýetirmek; dünýä iň oňat duýgulary ýaýmak. Diýmek, ýazmak — ykbalyň peşgeşi. Şeýle peşgeşden paýly halypa žurnalist, şahyr Hojaberdi Çaryýewiň ençeme ýazyjy-şahyrlaryň ilkinji kämillik mekdebini geçen «Maru — şahu jahan» gazetinde işe başlanyna tegelek elli ýyl — ýarym asyr dolýar.

Beýleki habarlar