Türkmen halky gadymy döwürlerden bäri ynsanperwerlik, haýyr işleri etmäge ymtylmak, birek-birege goldaw bermek ýaly asylly ýörelgeleri baş ugur edinipdir. Döwletlilik ýörelgelerimiz bolsa sahawatly başlangyçlary goldap, ýagşy işleriň başyny tutmagy, iň gowy adamkärçilik sypatlaryny dabaralandyryp, olaryň nesilden-nesle geçirilmegine gönükdirilendir. Şoňa görä-de, ata-babalarymyzdan dowam edip gelýän asylly däplerimiz esasynda Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen döredilen Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy ýaş nesil hakyndaky aladanyň aýdyň nusgasy bolup, halkymyzyň ynsanperwer, sahawatly ýörelgelerini dabaralandyrýar.
Türkmen halkynyň Milli Lideri: «Garaşsyz Watanymyzda halkymyzyň yrylmaz döwletliligi, rysgalynyň bollugy, niýetiniň-päliniň bolsa diňe ýagşylyga ýugrulandygy üçin ynsan kalplary şatlyga we buýsanja beslenýär» diýip belleýär. Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy hem şeýle ýörelgeleri dabaralandyryp, halkymyzyň çagalara iň gowy zadyny bagyş etmek, olary alada we söýgi bilen gurşamak ýaly milli häsiýetlerini aýdyň ýüze çykarýar.