Okuw maslahaty geçirildi

28 Iýun 2024
354

Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň (YUNISEF) Türkmenistandaky wekilhanasy bilen bilelikde welaýat bölümimizde geçiren okuw maslahatymyz adatdan daşary ýagdaýlara taýýarlyk görmäge we olaryň töwekgelçiligini azaltmaga bagyşlandy. Oňa welaýat raýat goranyş we halas ediş işleri müdirliginiň, welaýat polisiýa müdirliginiň ýangyn howpsuzlygy bölüminiň, welaýat baş bilim müdirliginiň we orta mekdepleriň wekilleri gatnaşdylar.

Okuw maslahatynyň dowamynda adatdan daşary ýagdaýlara çagalaryň zerurlyklaryny, gender meselelerini we durmuş ýagdaýlaryny göz öňünde tutmak arkaly taýýarlyk görmek babatynda usuly tejribeler alşyldy we täsirli çykyşlar diňlenildi. Şeýle hem wekiller dürli ýagdaýlarda raýatlara lukmandan deslapky ilkinji kömegi bermekligiň düzgünlerini düşündirmek, dürli ýokanç we ýokanç däl keselleriň öňüni almak, ýol-ulag hadysalarynda ejir çekene kömek bermek boýunça alnyp barylýan işler dogrusynda çykyş etdiler.

Babaguly ALYÝEW,
Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň welaýat bölüminiň başlygy.
Beýleki habarlar