Aýdym-sazly dabara geçirildi

28 Iýun 2024
312

Ýurdumyzda giňden bellenilen Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebinde aýdym-sazly baýramçylyk dabarasyny geçirdik.

«Magtymguly Pyragy ähli döwürleriň şahyry» diýen at bilen geçirilen bu dabarada ildeşlerimiz baýramçylyk gutlaglary bilen çykyş etdiler. Olar milli medeniýetimiziň, sungatymyzyň galkynýan zamanasynda ulgamyň işini öňe ilerletmek ugrundaky beýik işlere öz ýürek buýsançlaryny beýan etdiler. Welaýatymyzyň medeniýet we sungat ussatlarynyň aýdym-sazly çykyşlary baýramçylyk gününiň şowhunyny has-da artdyrdy. Dabaranyň ahyrynda tapawutlanyp zähmet çeken agzalarymyza guramamyzyň adyndan baýramçylyk sowgatlaryny gowşurdyk.

Yhlas GELDIMYRADOW,
Türkmenistan Demokratik partiýasynyň Türkmenabat şäher komitetiniň partiýa guramaçysy.
Beýleki habarlar