Duşuşyklar işjeňlige eýe

28 Iýun 2024
354

Pederlerimizden dowam edip gelýän milli ýol-ýörelgeleri, milli gymmatlyklary, maşgala mukaddesligini, sagdyn durmuş ýörelgelerini ýaşlaryň arasynda wagyz-nesihat etmekde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Bäherden etrap Geňeşiniň wekilleri tagallalaryny gaýgyrmaýarlar. Şu günler etrabyň çägindäki edara-kärhanalarda, guramalarda, oba ýerlerinde geçirilýän wagyz-nesihat, düşündiriş işlerinde hem şolar dogrusynda täsirli çykyşlar guralýar.

Etrabymyzyň beýleki jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde guralýan duşuşyklarda il sylagly ýaşulularyň çykyşlaryna aýratyn orun berilýär. Ýaşuly nesliň wekilleri özleriniň durmuş tejribesinden mysallary getirip, ýaşlara maşgalada we iş ýerinde özüňi alyp barmak, edep-ekram, tertip-düzgün bilen bagly gymmatly öwütlerini berýärler. Häzirki ajaýyp döwrümiziň gadyr-gymmaty, zähmetsöýerlik, maşgala mukaddesligi baradaky gürrüňler duşuşyklaryň ähmiýetine we many-mazmunyna oňyn täsirini ýetirýär.

Rejepnur ATAÝEW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Bäherden etrap Geňeşiniň başlygy.
Beýleki habarlar