Türkmen ruhunyň täji

12 Iýun 2024
359

Düýn Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň guramagynda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli «Türkmen ruhunyň almaz täji» diýen at bilen baýramçylyk dabarasy geçirildi. Dabara Döwlet kitaphanasynyň işgärleri bilen bir hatarda döredijilik işgärleri gatnaşdy.

Döredijilik häsiýetine eýe bolan bu duşuşykda çeper okaýyşlar hem guralyp, Magtymguly Pyragynyň goşgulary ýüreklere ýol salýan pähim-paýhas ummany bolup ýaňlandy. Şu ýerde öwüt-nesihata eýlenen şeýle goşgularyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylymyza aýratyn öwüşgin çaýýandygyny hem aýtmak gerekdir. Çünki olar ynsan dünýäsini özgertmäge ukyply bolup, diňledigiňçe diňläsiň gelýär.

«Watan».
Beýleki habarlar