Awazadaky bäsleşikler

7 Iýun 2024
345

Bilşimiz ýaly, eziz Diýarymyzda çagalaryň tomusky dynç alyş möwsümi başlandy. «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda hem şowhunly çäreler, sport ýaryşlary, döredijilik bäsleşikleri biri-birine ulaşyp, şadyýan çagalaryň kalbynda egsilmez joşgun we buýsanç duýgularyny döredýär.

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Türkmenbaşy şäher geňeşi tarapyndan «Daýanç» sagaldyş merkezinde dynç alýan çagalaryň arasynda geçirilen bäsleşikler hem şeýle çäreleriň hataryny artdyrdy. Olara gatnaşan çagalar çägeden şekilleri ýasamak, milli oýunlar we tanap çekişmek boýunça bäsleşdiler. 

Maýagül Garajaýewa,
TMÝG-niň Türkmenbaşy şäher geňeşiniň sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.
Beýleki habarlar