Çagalaryň hezil günleri dowam edýär

7 Iýun 2024
369

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesi şu günler «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky «Daýanç», şeýle hem Gökdere jülgesindäki «Beýik Serdaryň nesilleri» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezlerinde welaýatymyzyň bagtyýar nesilleri üçin tapgyrlaýyn dynç alyşlary guraýar. 2-nji iýunda bu merkezleriň ikisine-de çagalarymyz ugradylyp, şu günler olarda möwsümiň birinji tapgyry dowam edýär.

Deňiz ýakasyndaky merkezde häzirki günlerde iki mugallymyň ýolbaşçylygynda welaýatymyzyň dürli etrap-şäherlerine wekilçilik edýän çagalaryň 43-si dynç alýar. Birinji tapgyr 11-nji iýuna çenli dowam eder.

Ogulşeker ÝUSUBOWA,
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň esasy hünärmeni.
Beýleki habarlar