Halk arzuwy wysal boldy

7 Iýun 2024
368

Darganata etrap häkimliginde akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli çäre geçirildi. Oňa etrabyň hukuk goraýjy edaralarynyň işgärleri hem gatnaşyp, beýik şahyryň döredijiligi hakynda täsirli çykyş etdiler.

Çärede çykyş edenler näçe asyr geçse-de, öz Watanyny söýmäge, agzybirlige we dost-doganlygy berkitmäge çagyrýan halkymyzyň beýik oglunyň şygyrlarynyň ýüreklerde mynasyp orun alandygyny aýratyn nygtadylar. Magtymguly Pyragynyň mähriban topragymyzyň hakyky watançysydygy, onuň halkymyzyň öz döwletini gurmak baradaky arzuw-isleglerini aýdyň we çeper beýan edendigi, bu gün şol arzuw-islegleriň amala aşandygy, Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda kämil türkmen döwletiniň ösüşlerden ösüşlere barýandygy hakyndaky söhbetler örän täsirli boldy. Çärede beýik şahyryň goşgulary hem okaldy.

Öwezdurdy ATAÝEW,
Darganata etrap kazyýetiniň administratiw we ýerine ýetiriş önümçiligi boýunça kazysy.
Beýleki habarlar