Arzyly mekan

5 Iýun 2024
430

Gözel paýtagtymyz Aşgabadyň ak mermere beslenen belent ymaratlary, şirin owazly suw çüwdürimleridir sapaly seýilgähleri tomus paslynyň dowam edýän günlerinde has-da göwnüňi göterýär, ata Watanymyza, paýtagtymyza söýgimizi artdyrýar. Tomus paslynda paýtagtymyzyň gür baglyga beslenen seýilgähleri ildeşlerimiz üçin arzyly mekana öwrülýär. «Aşgabat», «Ylham», Arkadag, «Laçyn», «Erkin» ýaly ençeme döwrebap, medeniýetli dynç almaga ähli amatlyklar döredilen seýilgähler Aşgabadyň keşbine aýratyn öwüşgin çaýyp, gözellige beslenen tomsuň owadan günlerinde bagtyýar raýatlarymyzyň iň bir gelim-gidimli ýerleri bolup durýar. Paýtagtymyzyň Magtymguly şaýolunyň ugrunda uly dabara bilen açylyp ulanylmaga berlen «Arkaç» söwda-dynç alyş merkezi hem özüniň binagärligi bilen paýtagtymyzyň görküne görk goşdy. Bu merkezde çagalar üçin oýun we güýmenje meýdançalarynyň bolmagy ýaşajyk nesilleriň şatlygyna şatlyk goşýar.

Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasy bolan ÝUNESKO-nyň merkezi edarasyndan gelip gowşan, Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen Aşgabat şäheriniň «Dizaýn» ugry boýunça ÝUNESKO-nyň döredijilik şäherleriniň toruna girizilendigi baradaky hoş habar bolsa göwünlerimizi al-asmana göterdi.

Serdar SARYÝEW,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň uly mugallymy.
Beýleki habarlar