Aziýanyň merjeni

5 Iýun 2024
249

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ata Watanymyzyň bedew batly ösüşlerini dabaralandyrýan ak mermerli paýtagtymyz Aşgabat bu gün dünýä nusgalyk şäherleriň birine öwrüldi. Ýurdumyzyň ähli künjeklerinde bolşy ýaly, merjen şäherimizde hem gurlup ulanylmaga berilýän köpsanly senagat maksatly desgalar, ýaşaýyş toplumlary, belent binalar, biri-birinden owadan seýilgähler bu hakykatyň aýdyň mysallarydyr. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy, Gahryman Arkadagymyzyň döredijilik zehini, binagärlik paýhasy bilen rowaçlanýan şähergurluşyk-binagärlik maksatnamalarynyň netijesinde ýüzlerçe kaşaň ymaratlar tapgyrlaýyn bina edilip, halkymyzyň hyzmatyna berilýär.

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda hem ak mermere beslenen binalaryň gurluşygynyň batly depginler bilen dowam edýändigini aýratyn bellemek gerek. Şu ýylda paýtagtymyzda «Arkaç» söwda-dynç alyş merkeziniň, şeýle hem 17-nji maýda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Magtymguly Pyragynyň ýadygärliginiň hem-de «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynyň açylyp ulanylmaga berilmegi halkymyzyň bagtyýar zamanamyza bolan buýsanjyny goşalandyrdy. Bularyň ählisi ýurdumyzyň şöhratly ösüşleriniň özboluşly görkezijisi bolup, dünýä ýaň salýan beýik işlerdir.

Mähek DURDYÝEWA,
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň talyby.
Beýleki habarlar