Gözellik — ýaşaýşa ýaraşyk

5 Iýun 2024
268

Paýtagtymyzdaky täsin binagärlige eýe bolan laçyn şekilli Aşgabat Halkara howa menzili, bu täsin künjekde ýerleşýän «Garagum» myhmanhanasy, Oguz hanyň we onuň ogullarynyň keşpleri ebedileşdirilen, täsin suw çüwdürimli ýadygärlik toplumy, «Laçyn» seýilgähi türkmeniň myhmansöýerligini, belent ruhuny dünýä äşgär edýär. Bu täsin myhmanhana ýurdumyzyň çäginden geçen Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen kerwensaraýy ýatladyp, paýtagtymyzyň ajaýyp binagärliginde özboluşly sazlaşýar. Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, paýtagtymyzda bitirilýän beýik işler döwrüň belent ruhuny beýan etmek bilen ýaş nesliň döwrebap terbiýelenmeginde, watançylyk we ýokary estetiki duýgularynyň kemala getirilmeginde, jemgyýetimiziň sagdyn durmuşynyň üpjün edilmeginde ähmiýeti örän ýokarydyr.

Paýtagtymyza gözellik berýän, özboluşly binagärlige eýe bolan ýerasty geçelgeler, aýlawly köprüler, giň hem owadan ýollaryň ugrundaky belent çyralar ak şäherimiziň täsin görküni baýlaşdyrýar. Ýol ugurlarynda oturdylan mahabat şitlerine bezeg berip duran, türkmeniň bitewüligini, agzybirligini, milli özboluşlylygyny alamatlandyrýan haly göllerine, milli buýsanjymyza öwrülen ahalteke bedewleriniň şekillerine gözüň düşende kalbyňda ajaýyp duýgular peýda bolýar.

Taňryguly ÝAZLYÝEW,
Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik institutynyň «Ruhabatgurluşyk» trestiniň Kärdeşler arkalaşygynyň başlygy.
Beýleki habarlar