Wagyz-nesihat duşuşyklary

5 Iýun 2024
240

Ykballarymyzyň söýenji, Watanymyzyň daýanjy hasaplanýan ýaş nesillerimiz 2023-2024-nji okuw ýylyny uly üstünlikler bilen tamamladylar. Olar okuw ýylynyň dowamynda özleriniň bilim gorlaryny baýlaşdyrdylar. Özara, mekdebara, etrap we welaýat derejesindäki ders bäsleşiklerine gatnaşyp, öz ukyp-başarnyklaryny görkezdiler. Şeýle hem döwlet we halkara derejesindäki olimpiadalarda üstünlikli çykyş etdiler.

Ynha, çagalaryň iň arzyly döwri bolan tomusky dynç alyş möwsümi hem gelip ýetdi. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, şu günümiziň guwanjy, ertirki günümiziň daýanjy we buýsanjy bolan ýaş nesiller dogrusyndaky aladalar döwlet syýasatymyzyň esasylarynyň biri bolup durýar.

Döwran AMANMYRADOW,
Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Polisiýanyň ýol gözegçiligi müdirliginiň bölüm müdiri, polisiýanyň maýory.
Beýleki habarlar