Saglyk — baş baýlyk

4 Iýun 2024
484

Ýakynda Kaka etrabynyň Medeniýet öýünde bilim we saglygy goraýyş ulgamlarynyň, beýleki edara-kärhanalaryň işgärleriniň gatnaşmagynda keselleriň öňüni almak, sagdyn durmuş ýörelgesini ündemek maksady bilen wagyz-nesihat maslahaty geçirildi. Ony Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň etrap birleşmesi hem-de etrabyň arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugy bilelikde gurady.

Maslahatda ýurdumyzda ynsan saglygy ugrunda edilýän aladalar dogrusynda söz açylyp, iýmit zäherlenmesiniň öňüni almak bilen bagly gürrüňe aýratyn üns çekildi. Bellenilişi ýaly, ilatymyzy dürli ter gök we beýleki azyk önümleri bilen üpjün etmekde uly tagallalar edilýär. Şeýle-de bolsa, dürli önümlerden iýmit zäherlenmesiniň ýüze çykýan halatlaryna duş gelinýär. Iýmit zäherlenmesiniň adam saglygy üçin iň howplusy botulizm keselidir. Botulizm keseliniň öňüni almakda iýmit önümlerini talabalaýyk saklamak, gök önümleri öý şertlerinde gaplananda taýýarlanyş usullaryny doly we dogry berjaý etmek esasy talaplaryň biri bolup durýar.

Dünýägözel BABAÝEWA,
Kaka etrabynyň arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň iýmit gigiýenasy boýunça sanitar lukmanynyň kömekçisi.
Beýleki habarlar