Düýe etinden taýýarlanýan tagamlar

4 Iýun 2024
230

Düýe eti arzan we ýokumly azyk önümidir. Biziň ýurdumyzda düýe etini öndürmek we azyk önümçiliginde ulanmak giňden ýaýrap, ol goýun ýa-da sygyr etinden kem saýylmaýar. Ýaş, gurat düýeleriň eti hili boýunça sygryňkydan pes däldir. Düýe etiniň energiýa ýokumlylygy olaryň semizlik derejesine bagly bolýar. Düýeler örküçlerinde 100 — 150 kilograma çenli ýag ýygnamaga ukyply hasaplanylýar. Olary ete soýmak üçin iň oňaýly wagt 2 ýaş 8 aý hasaplanylýar. Şonda olaryň diri agramy 520 kilograma çenli, läşiniň arassa çykymy 60 — 63 göterime ýetýär.

Banda (Hausa) — bu tagamy taýýarlamakda düýe etini bölekläp, güneşde guradyp, soňra açyk ýanýan oduň üstünde tüsse bilen kakadýarlar.

Täçmyrat ÖDEŞOW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Maldarçylyk we weterinariýa ylmy-önümçilik merkeziniň ylmy işgäri.
Beýleki habarlar