Durmuşymyzyň gül-gunçalary

4 Iýun 2024
656

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy netijesinde il-ýurt bähbitli işler, beýik özgertmeler amala aşyrylyp, çagalaryň eşretli durmuşyň hözirini görüp, bagtyýar ýaşamagy üçin ähli şertler döredilýär. Türkmenistanda maşgala, eneler we çagalar döwlet tarapyndan goralýar. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Watanymyzyň röwşen geljegi bolan çagalaryň ýaşaýşy, durmuş taýdan goraglylygy, ruhy taýdan sagdyn ösüşi, bagtyýar durmuşda ýaşamagy, döwrebap bilim almagy, watansöýüjilik we ynsanperwerlik ruhunda terbiýelenmegi barada edýän taýsyz tagallalary özüniň oňyn netijelerini berýär. Häzirki wagtda bagtyýar çagalar sapaly tomus möwsüminde dynç alýarlar. Çagalaryň wagtlaryny hoş geçirmekleri üçin iň döwrebap dynç alyş merkezleri hereket edýär. Munuň özi olaryň sagdyn ösmegine ýardam berýär.

Diýarymyzda çagalaryň bagtyýar durmuşyny üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işleriň çäklerinde ýurdumyzyň milli kanunçylygy hem yzygiderli kämilleşdirilýär. Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň Çaganyň hukuklary hakynda Konwensiýasyna we onuň teswirnamalaryna sebitde ilkinjileriň hatarynda goşulmak bilen, ýaş nesil babatda döwlet syýasatyny hem-de milli kanunçylygyny bu halkara resminamalaryň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirdi. Ýurdumyzda çaganyň hukuklarynyň pugta kanunçylyk binýady kemala getirildi.

Ogulsuraý BERDIÝEWA,
Aşgabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 74-nji «Bagtyýar nesiller» orta mekdebiniň mugallymy.
Beýleki habarlar