Ýaş nesil hakda alada

4 Iýun 2024
256

Ýurdumyzda ýaş nesli durmuş taýdan goldamak hem-de olarda wepalylyk, ruhubelentlik, arassa ahlaklylyk, ynsanperwerlik ýaly asylly häsiýetleriň kemala gelmegi üçin irginsiz aladalar edilýär. Howandarlyga mätäç çagalaryň saglygynyň dikeldilmegine ýardam bermek maksady bilen, Gahryman Arkadagymyzyň adyny uly buýsanç bilen göterýän Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça  haýyr-sahawat gaznasy döredildi.  Hormatly Arkadagymyzyň hut özüniň başyny başlan asylly hem sogaply işleri, Diýarymyzyň ähli künjeklerinde  howandarlyga mätäç çagalar bilen  görüşmegi, ruhy we maddy goldaw bermegi olar barada edilýän aladalaryň aýdyň mysalydyr. Ýakynda Lebap welaýat köpugurly hassahanasyna Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna Germaniýa Federatiw Respublikasyndan satyn alnan «Dialog» kysymly gemodializ enjamynyň ikisiniň sowgat berilmegi munuň aýdyň subutnamasydyr.

Ýurdumyzda mekdep okuwçylarynyň tomusky dynç alyş döwrüni täsirli geçirmegi babatda hem aladalar edilýär. Olar şu döwürde Gökdere jülgesindäki, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda ýerleşen dynç alyş we sagaldyş merkezlerinde wagtlaryny şadyýan hem gyzykly geçirerler.

Gulsoltan ŞALLYÝEWA,
TDP-niň Aşgabat şäher komitetiniň hasabatçysy.
Beýleki habarlar