Milli jebisligiň nyşanlary

3 Iýun 2024
415

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň çuňňur paýhasy bilen amala aşyrylýan ýurdumyzyň içeri we daşary syýasaty halkara gatnaşyklar ulgamynda giň goldawa eýe bolýar. Döwlet Baştutanymyzyň döwletli başlangyçlarynda raýatlaryň hukuklaryny we azatlyklaryny hem-de konstitusion bähbitlerini goramak döwlet syýasatynyň ileri tutýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Bu döwlet syýasaty Türkmenistanyň goşulyşan Adam hukuklarynyň ählumumy Jarnamasynyň, Raýat we syýasy hukuklar hakynda halkara şertnamanyň, Ykdysady, durmuş we medeni hukuklar hakynda halkara şertnamanyň esasy taglymlaryny we milli ýörelgelerimizi özünde jemlän Türkmenistanyň Konstitusiýasyndan alyp gaýdýar. Mundan 30 ýyl öň döwletimiz üçin ýatdan çykmajak sene, ýagny Türkmenistanyň Esasy Kanuny bolan Konstitusiýamyz kabul edildi. Bu resminamada halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalary, Türkmenistanyň goşulyşan konwensiýalary, baglaşan şertnamalary, galyberse-de, müňýyllyklaryň jümmüşinden gözbaş alyp gaýdýan milli ýörelgelerimiz orun alýar. Şu nukdaýnazardan hem Esasy Kanunymyz döwletimiziň mizemez hukuk binýady, geljekki ösüşlerimiziň özeni bolup durýar.

Türkmenistanyň Konstitusiýasynda berkidilen adalatlylyk, deňhukuklylyk, adamlaryň hukuklaryny we azatlyklaryny sarpalaýan milli ýörelgelerimiz raýat jemgyýetiniň dabaralanmagyna giň şertleri döredýär.

Ýusup BEGJANOW,
Aşgabat şäheriniň Köpetdag etrap kazyýetiniň kazysy.
Beýleki habarlar