Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken Buýrugyna laýyklykda, haj parzyny berjaý etmekleri üçin ildeşlerimiziň köp sanlysyny Saud Arabystany Patyşalygyna ibermek bellenildi.
«Türkmenhowaýollary» agentligi 2024-nji ýylyň haj möwsüminde 2890 zyýaratçynyň haj parzyny berjaý etmegi üçin Saud Arabystan Patyşalygyna äkidip-getirmek boýunça ýörite gatnawlaryň onusynyň ýola goýulandygyny habar berdi.