Dünýäniň iň arassa howa menzilleri yglan edildi

3 Iýun 2024
209

«Skytrax» guramasy tarapyndan dünýäniň iň arassa howa menzilleriniň sanawy yglan edildi. Sanawyň ilkinji onlugyndan orun alan howa menzilleriniň 9 sanysy Aziýa yklymynyň ýurtlarynda ýerleşýär.

Sanawda 1-nji orna Ýaponiýanyň paýtagtynda ýerleşýän «Honeda» howa menzili mynasyp görüldi. Şeýle-de Ýaponiýanyň ýene 3 sany howa menzili sanawyň ilkinji onlugyna girmegi başardy. Has takygy, sanawda Nagoýa howa menzili 5-nji, Narita howa menzili 6-njy hem-de Kansai howa menzili 7-nji orny eýeledi.

Taýýarlan: Guwançmuhammet ORAZOW,
Myrat Garryýew adyndaky TDLU-nyň mugallymy.
Beýleki habarlar