Tomusky dynç alyş möwsümi başlandy

2 Iýun 2024
465

Ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdeplerinde 2023 — 2024-nji okuw ýyly üstünlikli tamamlandy. Çagalaryň tomusky dynç alyş möwsümi başlandy. Şu möwsüm mynasybetli düýn paýtagtymyzda ýerleşýän «Mekan» köşgüniň ýanynda aýdym-sazly dabaraly çäräniň şowhuny çagalaryň şadyýan sesleri bilen utgaşdy. Bu ýerden badalga alan awtobuslaryň kerweni Gökderedäki dynç alyş we sagaldyş merkezlerine tarap rowana boldy. Welaýatlarda ýerleşýän dynç alyş we sagaldyş merkezlerinde dynç almak üçin jemlenen çagalar bolsa welaýat merkezlerinden aýdym-sazly dabaralar bilen ugradyldy.

Tomusky dynç alyş möwsüminde çagalar degresini dag etekläp oturan gözel Gökderede ýerleşýän dynç alyş we sagaldyş merkezleriniň on dördüsinde dynç alarlar. Welaýatlarda bolsa dynç alyş we sagaldyş merkezleriniň bäşisi çagalaryň hyzmatynda bolar. Awazanyň arzyly çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezleriniň sekizisinde bolsa, çagalaryň wagtlaryny şadyýan geçirmekleri üçin ähli mümkinçilikler döredildi.

Şähribossan ÖWEZOWA,
«Mugallymlar gazeti».
Beýleki habarlar