«7/24. tm» №23 (210), 03.06.2024
Türkmenistan bagtly çagalygyň mesgeni hökmünde ýaşajyk raýatlary üçin ähli zerur bolan durmuş şertlerini üpjün etmekde ýokary jogapkärçiligini iş ýüzünde doly amal edýär. Körpe nesilleriň sazlaşykly ösüşi, ruhy we beden saglygy, olaryň ýokary hilli bilim almaklary bilen bagly meseleler Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň hemişe üns merkezinde durýar. Şonuň bilen baglylykda, ýurdumyzda hossarlyga mätäç çagalary deň derejeli durmuşa ugrukdyrmak, olary özbaşdak ýaşaýşa taýýarlamak boýunça hemmetaraplaýyn işler amala aşyrylýar. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen döredilen Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy şu babatda netijeli işleri durmuşa geçirýär. Özleri üçin edilýän tagallalaryň oňyn netijesini bagtyýar çagalaryň şadyýan ýüzlerinde görmek bolýar.